Özbegistanda prezident saýlaw kampaniýasy başlandy

  • 23.07.2021 14:01
  • 10k+

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy (MSK) anna güni öz mejlisinde respublikanyň prezident saýlawlary boýunça kampaniýany başlamak kararyna geldi diýip, MSK-nyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

“Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 90-njy we 117-nji maddalaryna laýyklykda, 24-nji oktýabra meýilleşdirilen respublikanyň baştutanyny saýlamak kampaniýasyna 23-nji iýuldan başlamak kararyna gelindi” – diýip, Nizamhojaýew MSK-nyň mejlisinden soň geçirilen brifingde aýtdy. Ol saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw komitetiniň häzirki prezidentiň ygtyýarlyk möhleti gutarmanka üç aýdan gijä galman döwlet baştutanyny saýlamak kampaniýasynyň başlaýandygy barada habar berýändigini aýdyňlaşdyrdy.

Saýlaw kodeksine laýyklykda, respublikanyň syýasy partiýalary prezident saýlawlaryndan öň alty aýdan gijä galman Adalat ministrliginde hasaba alnan halatynda, prezidentlige dalaşgärleri hödürläp bilýärler. Häzirki wagtda respublikada bäş syýasy partiýa, şol sanda Özbegistanyň Halk Demokratik partiýasy, “Milliý Tiklaniş” partiýasy (“Milli Galkynyş”), “Adolat” sosial-demokratik partiýasy (“Adalat”), Özbegistanyň Liberal-demokratik partiýasy we Özbegistanyň Ekologiýa partiýasy hereket edýär.
Respublikanyň Konstitusiýasynyň 90-njy maddasyna laýyklykda, otuz bäş ýaşdan kiçi bolmadyk, döwlet dilini (özbek) erkin bilýän, saýlawlar bolmanka azyndan 10 ýyl Özbegistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýat Özbegistanyň prezident wezipesine saýlanyp bilinýär. Prezident gizlin ses berme arkaly 5 ýyl möhlet bilen ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda saýlanýar. Şol bir adam yzygider iki möhletden gowrak Özbegistanyň prezidenti bolup bilmez.
Respublikanyň geçenki prezident saýlawlary ilkinji prezident Islam Karimowyň ýogalmagy sebäpli, 2016-njy ýylyň dekabrynda geçirildi. Olarda Liberal-demokratik partiýasy tarapyndan bu wezipä hödürlenen Şawkat Mirziýoýew ýeňiş gazandy.


düýn 21:02
1.8k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.7k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

21.03.2026 08:25
5.4k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär...

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...