Liwerpul ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan aýryldy

  • 22.07.2021 20:42
  • 4.2k+

ÝUNESKO Liwerpul portuny Bütindünýä mirasynyň ýadygärligi statusyndan mahrum etdi, çünki ol başlanan gurluşyk sebäpli XVIII-XIX asyrlarda söwda portunyň ösüşiniň nusgasy hökmünde gymmatyny düzýän “özboluşly aýratynlyklaryny dolulygyna ýitirdi”. Bütindünýä mirasy komitetiniň bu karary barada guramanyň saýtynda habar berilýär diýip, INTERFAX.RU belleýär.  

Komitet bu mesele boýunça 21-nji iýulda onlaýn ses berişligini geçirdi. 20 sesiň 13-si Liwerpulyň Bütindünýä mirasynyň obýekti statusyndan mahrum edilmegini goldady, bäşisi garşy çykdy we iki býulleten güýçsüz boldy.
Liwerpulyň taryhy merkezindäki alty ýer we doklar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 2004-nji ýylda girizildi. Gürrüň “Liwerpul – deňiz syýahatçylarynyň we söwdagärleriň şäheri” ady bilen umumy meýdany 136 g bolan port binalary, söwda we ulag infrastrukturasy barada gidýär. Binalaryň bir bölegi XX asyryň başynda guruldy, ýöne Kristofer Reniň işi esasynda stilleşdirildi.
Haçan-da Liwerpulyň häkimiýetleri doklarda diňleri we kruiz gämileri üçin duralgalary, şeýle-de “Ewerton” kluby üçin täze stadiony gurmak boýunça Liverpool Waters taslamasyny tassyklanlarynda, ÝUNESKO portuň daşky görnüşiniň özboluşlylygyny ýitirjekdigini we Bütindünýä mirasynyň sanawyndan uzak wagtlaýyn aýrylyp bilinjekdigini duýdurdy.
Liwerpul porty taryhda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan aýrylan üçünji obýekt boldy. 2007-nji ýylda Omandaky oriks antilopalarynyň goraghanasy, 2009-njy ýylda bolsa Drezdeniň golaýyndaky Elba jülgesi bu statusdan mahrum bolupdy.


şu gün 00:03
749

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

11.05.2026 15:25
1.4k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.5k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
925

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......