Dünýäniň iň baý adamy kosmosa uçup geldi

Dünýäniň iň baý adamy kosmosa uçup geldi

Amazon kompaniýasyny esaslandyryjy, dünýäniň iň baý adamy Jeff Bezos şu gün — 20-nji iýulda kosmosa uçup, yzyna dolanyp geldi. Ol öz kompaniýasy bolan Blue Origin tarapyndan döredilen New Shepard howa gämisiniň bortunda kosmosa ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Bezosyň ýanynda onuň dogany Mark, professional awiator, 82 ýaşly Uolli Fank hem-de niderlandly işewüriň ogly, 18 ýaşly Oliwer Deýmen hem kosmosa uçdy.

Jeff Bezosyň howa gämisi Günbatar Tehasdaky çölde ýerleşýän uçuş meýdançasyndan — onuň hususy kosmodromyndan badalga alyp, 11 minutlap syýahat etdi. Uçuş Аpollon-11 gämisiniň Aýda bolmagynyň 52 ýyllygyna bagyşlandy. Kompaniýanyň blueorigin.com saýtynda we Twitter sahypasynda uçuş göni efirde görkezildi.

Bezosdan öň Virgin Group kompaniýasynyň esaslandyryjysy, meşhur işewür Riçard Brenson kosmosda bolupdy. Galactic Unity 22 howa gämisi Brensony we Virgin Galactic korporasiýasynyň işgärleriniň ýene-de 3-sini 86 kilometr belentlige — älem giňişliginiň başlanýan ýerine eltdi.