Oliweýra Porýe bilen söweşiniň dekabrda boljakdygyny habar berdi

  • 20.07.2021 20:33
  • 16k+

Ýeňil agramda UFC-niň häzirki çempiony braziliýaly Çarlz Oliweýra amerikaly Dastin Porýe garşy söweşiniň guramanyň şu ýylky jemleýji sanly çäresiniň çäginde geçiriljekdigini aýtdy.

“Dastin Porýe, hormat bilen, bu hakyky uruş bolar. Dekabr aýynda biz muşdaklarymyza ajaýyp söweşi görkezeris” – diýip, Oliweýra özüniň Instagram sahypasynda ýazdy. Bu barada mma.metaratings.ru belläp geçýär.

Amerikan promouşeniniň senenamasy boýunça, guramanyň şu ýylky jemleýji çäresi UFC 269 bolar, ýöne ol heniz resmi taýdan anons edilmedi.
Oliweýra şu ýylyň maý aýynda geçirilen UFC 262 turniriniň çäginde amerikaly Maýkl Çendleri ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony titulyna eýe boldy. 
Porýe soňky gezek Las-Wegasda 11-nji iýula geçilen gijede iki agram kategoriýasynda UFC-niň ozalky çempiony irlandiýaly Konor Makgregor bilen söweşdi. Bu söweşde birinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş Konor Makgregor aýagyny döwdürenden soň, Dastin Porýe berildi. Bu Makgregor bilen Porýeniň arasynda üçünji söweş boldy. 
Konoryň hasabynda 22 ýeňiş we alty ýeňliş bar. Dastiniň hasabynda 28 ýeňiş bilen alty ýeňliş bar, bir söweş hem geçirilmedik diýlip kabul edildi. 


düýn 10:58
5.1k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

22.05.2026 07:07
5.9k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.9k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......

17.05.2026 23:54
12k+

17 sekuntda derbi-dagyn we nokautlar: Rouzi, Ngannu we Perri MVP ýaryşynda garşydaşlaryny ýeňdiler

17-nji maýda garyşyk söweş sungaty boýunça MVP (Most Valuable Promotions) ligasynyň ilkinji ýaryşy geçirildi....