Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryny 16 müň töweregi daşary ýurtly žurnalist şöhlelendirer

Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryny 16 müň töweregi daşary ýurtly žurnalist şöhlelendirer

Resmi taýdan açylmagyna bir günden az wagt galan Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny dünýäniň 200 döwletinden 16 müň töweregi daşary ýurtly žurnalist şöhlelendirer. Bu barada Ýaponiýanyň jemgyýetçilik telewideniýesine salgylanyp, TASS habar berýär. Muny www.belta.by ýetirýär.

Teleýaýlymyň maglumatlaryna görä, Oýunlary şöhlelendirmäge dünýäniň dürli künjeginden 2 müň töweregi habarlar kompaniýasy gatnaşar. Ýerli häkimiýetler sport birinjiligini beýan etjek žurnalistleriň 70-80%-ine täze koronawirusa garşy sanjym edilmegine garaşýarlar.
Tokiodaky Olimpiada akkreditlenen daşary ýurtly žurnalistleriň hereketi Oýunlaryň guramaçylyk komiteti tarapyndan ýatlamada görkezilen berk düzgünler bilen düzgünleşdiriler. Bu düzgünler ýurda geleniňden soň 14 günüň dowamynda jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmagy gadagan edýär we metbugat wekillerine guramaçylary ol ýa-da beýleki çäreleri şöhlelendirmegiň meýilleşdirilen tertibi barada öňünden habardar etmäge borçlandyrýar.
Olimpiadanyň başlamagyna sanalgyja gün galanda koronawirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaý çylşyrymlaşýar: ýapon paýtagtynda täze kesel ýagdaýlarynyň sanynyň gündelik ösüşi bir müňden ýokarda saklanýar. 12-nji iýuldan Tokioda epidemiýa ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgüni güýje girdi. Ol 22-nji awgusta çenli dowam eder.