Awazadaky halkara çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi

  • 19.07.2021 14:38
  • 4.3k+

17-nji iýulda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Guramaçylyk toparynyň agzalaryna ýokarda görkezilen çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin öz ugurlary boýunça iş toparlaryny döretmäge ygtyýar berildi.
Toparyň düzümine wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Berdimuhamedow, Ç.Amanow, Ç.Gylyjow, M.Mämmedowa, M.Geldinyýazow, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew girdi. Türkmen Lideri wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowy Guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy hökmünde belläp, oňa öňde boljak halkara çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.


şu gün 16:02
151

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.8k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......