Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasyna gynanç hatyny ýollady

Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasyna gynanç hatyny ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyň Patyşasy Filippe ýurtda bolup geçen suw joşgunlary netijesinde, köp sanly adam pidalary, şikes ýetmeleri hem-de uly möçberli weýrançylyklar zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Belgiýada suw joşgunlary netijesinde aradan çykanlaryň sany 31 ýetdi, diýip adatdan daşary ýagdaýlar boýunça federal merkezi habar berýär.
Dereksiz ýitenleriň sany 163-e ýetýär.
20-nji iýul Belgiýada milli matam güni diýlip yglan edildi.