Nowak Jokowiç Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýandygyny tassyklady

  • 18.07.2021 09:02
  • 2.4k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar. Bu barada türgen özüniň Twitter sahypasynda habar berdi diýip, TASS belleýär.

“Men Tokio gitmäge hyýallanýandygyma we Olimpiýa oýunlarynda medal ugrundaky göreşde Serbiýanyň milli ýygyndysyna goşulýandygyma buýsanýaryn. Sebäbi Serbiýa üçin çykyş etmek hemişe aýratyn şatlyk we höwesdir” – diýip, Jokowiç aýtdy.

Jokowiç Professional tennisçileriň Assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny eýeleýär. Ol iýul aýynda yzygider üçünji gezek “Wimbledonyň” ýeňijisi bolup, “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 20-nji tituly gazandy. Şeýlelik bilen, bu görkeziji boýunça Rafael Nadal hem-de Rojer Federer bilen deňleşdi. Ol dokuz gezek Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň, alty gezek “Wimbledonyň”, üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň we iki gezek Fransiýanyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Onuň hasabynda ATP ýaryşlarynda jemi 85 ýeňşi bar. Şeýle-de, Jokowiç 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysydyr.
Öň, olimpiýa çempionlary ispaniýaly Rafael Nadalyň (ATP reýtinginde 3-nji belgi) we şweýsariýaly Rojer Federeriň (9), şeýle-de awstriýaly Dominik Timiň (6) we kanadaly Denis Şapowalowyň (10) Tokio gitmeýändigi belli boldy.
Zenanlaryň arasynda Sofiýa Kenin (Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde 4-nji orun), kanadaly Býanka Andreýesku (5), Belarusdan Wiktoriýa Azarenko (14), dört gezek olimpiýa çempiony amerikaly Serena Uilýams (16) çykyş etmez.


14.04.2026 16:36
1.5k+

Sinner Monte-Karlodaky ýaryşda Alkarasy utup, ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde ýene-de birinji orny eýeledi. Täzelenen sanaw duşenbe güni guramanyň saýtynda çap edildi....

30.03.2026 20:41
2.2k+

Ýannik Sinner we Arina Sobolenko Maýamidäki ýaryşyň ýeňijileri boldy

Dünýäniň ikinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçirilen «Masters» ýaryşynyň finalynda çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 9,4 million dollardan geçýär....

05.03.2026 21:17
3.2k+

Sobolenka, Dýuplantis we Alkaras sport dünýäsiniň «Oskar» baýragyna dalaş edýärler

Sport dünýäsiniň «Oskary» diýlip atlandyrylýan her ýylky «Laureus» baýragyna dalaş edýänleriň atlary belli boldy. Baýragyň guramaçylyk komiteti sekiz ugur boýunça dalaşgärleriň sanawyny resmi taýdan neşir etdi...

01.02.2026 22:16
2.7k+

Alkaras Australian Open-iň finalynda Jokowiçi utup, «Karýera tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy

Ispaniýaly Karlos Alkaras möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan Australian Open-iň finalynda serbiýaly Nowak Jokowiçi utdy. Duşuşyk 2:6, 6:2, 6:3, 7:5 hasabynda tamamlandy. Bu ýeňşiniň netijesinde 22 ýaşly Alkaras taryhda «Karýera Uly tuwulgasynyň» iň ýaş eýesi boldy...