Microsoft korporasiýasy Windows operasion sistemasynyň bulut görnüşini hödürledi

  • 16.07.2021 15:40
  • 7.2k+

Microsoft amerikan korporasiýasy Windows 365 adyny alan operasion sistemasynyň bulut görnüşini hödürledi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda habar berilýär diýip, TASS belleýär.

Beýannamada Windows 365-iň ulanyjylaryň öz programmalaryna we maglumatlaryna uzak aralykdan we islendik gurluşdan girip bilmegi üçin niýetlenýändigi bellenilýär. Aýratynam, bu işgärleri distansion režimde işleýän kompaniýalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek üçin niýetlenendir. 

“Windows 365 bilen biz täze kategoriýany döredýäris: Cloud PC (bulut personal kompýuteri)” – diýlip, metbugat relizinde korporasiýanyň baş direktory Satýa Nadellanyň sözleri getirilýär. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa Windows 365-de ulanylan mehanizmiň “maglumaty gurluşda däl-de, bulutda saklaýandygynyň” hasabyna “guramalara has çeýeligi we işgärleriniň mümkinçiliklerini giňeltmegiň howpsuz usulyny” hödürlemegi maksat edinýär. 

Kärhanalar şu ýylyň 2-nji awgustyndan bulut operasion sistemasyna elýeterli bolarlar. Iýun aýynyň ahyrynda Microsoft Windows 11 adyny alan OS-yň täzelenen görnüşini hödürledi. Ol üsti ýetirilen dizaýna eýe boldy, iki monitoryň işini götermegiň kämilleşdirilen ulgamy, dürli hyzmatlara girmek üçin wijetler, şeýle-de birnäçe täzelikler bilen üpjün edildi. Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, OS-yň täzelenen görnüşi özünden öňküler bilen deňeşdirilende, has çalt we howpsuz bolar. Windows 11-iň şu ýylyň ahyrynda ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar.

1975-nji ýylda telekeçiler Bill Geýts bilen Pol Allen tarapyndan esaslandyrylan Microsoft personal kompýuterlerden başlap, ykjam telefonlara çenli dürli gurluşlar üçin programma üpjünçiligini öndürýän iň uly korporasiýalaryň biridir. Onuň ştab-kwartirasy Waşingtonyň Redmond şäherinde ýerleşýär.


11.05.2026 20:26
927

Ulanyjylaryň nägiliginden soň Windows 11-de widjetleriň görnüşi ýönekeýleşdirilip başlandy

Microsoft kompaniýasy Windows 11-däki widjetleriň ulanyjylaryň ünsüni sowýandygyny we interfeýsi artykmaç ýükleýändigini boýun alyp, olary ýönekeýleşdirmek meýilnamasyny yglan etdi....

06.05.2026 16:23
1.6k+

Sony PlayStation Network boýunça 7,8 million dollar jerime tölär

Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 2023-nji ýyldaky köpçülikleýin şikaýat boýunça PlayStation Network ulanyjylaryna 7,8 million dollar möçberinde öwezini doluş tölegini tölemek baradaky......

29.04.2026 18:34
2.9k+

Microsoft «Fairwater» atly dünýäniň iň uly maglumat merkezini işe girizdi

Microsoft kompaniýasy Wiskonsin ştatynda (ABŞ) ýörite emeli aň üçin niýetlenen, dünýädäki iň uly «Fairwater» maglumat merkeziniň möhletinden öň ulanmaga berlendigini mälim etdi....

25.04.2026 19:07
1.9k+

Meta we Microsoft emeli aňyň bähbidine müňlerçe işgäri işden çykarar

Instagram, Facebook we WhatsApp sosial ulgamlarynyň eýesi bolan Meta kompaniýasy sekiz müňe golaý işgärini (takmynan, 10%) işden çykarmak meýilnamasyny mälim etdi. «BBC News» neşiriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt......