Kyodo: Tokiodaky Olimpiadanyň açylyş dabarasyna müňden az myhman kabul ediler

  • 16.07.2021 10:24
  • 4.4k+

Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp biljek ýokary derejeli myhmanlaryň sany koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ep-esli azaldylar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Agentlik guramaçylaryň açylyş dabarasyna Olimpiadanyň guramaçylygy bilen baglanyşykly müňden hem az adamy tomaşaçy hökmünde kabul etmegi meýilleşdirýändiklerini belleýär. Öň ýerli häkimiýetler Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyny ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýönekeý tomaşaçylar bolmazdan geçirmek baradaky karara geldiler, olara diňe daşary ýurtlardan ýokary wezipeli adamlary hem-de sport çäreleriniň guramaçylygy bilen bagly adamlary goýbermek meýilleşdirilýär. Şeýle tomaşaçylaryň sany 10 müň töweregi bolar diýlip çak edilipdi, ýöne guramaçylar bu sany ep-esli azaltmakçy bolýarlar.
Tokiodaky Olimpiada 2020-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 9-njy awgusty aralygynda geçirilmelidi. Pandemiýa sebäpli ýaryşlar bir ýyl yza süýşürildi. Indi olar 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Guramaçylar Oýunlary daşary ýurt janköýerleri bolmazdan geçirmek kararyna geldiler, ýerli ýaşaýjylar hem Ýaponiýanyň alty prefekturasyndaky, şol sanda Tokiodaky olimpiýa çärelerine goýberilmez.


24.12.2025 13:21
7.7k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

25.11.2025 17:08
8.7k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

15.10.2025 13:11
2.9k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...

22.09.2025 10:41
1.8k+

Keniýaly Odira dünýä çempionatynda 800 m ylgawda rekord bilen ýeňiş gazandy

Keniýaly ylgawçy Lilian Odira 800 m aralyga ylgamakda dünýä çempiony boldy. Final 21-nji sentýabrda Tokioda 2025-nji ýylyň Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde geçirildi. Odira bu aralygy 1.54,62 netije bilen geçip, dünýä çempionatynyň täze rekordyny goýdy...