Awgustda Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler

  • 16.07.2021 09:31
  • 5.4k+

Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Iki ýurduň daşary işler ministrleri häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmekde ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn formatda bilelikdäki işleri dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Ýangyç-energetika pudagyndaky, senagat, ulag we aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.


şu gün 16:02
302

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......