Dünýädäki iň gadymy fransuz kinoteatry Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi

Dünýädäki iň gadymy fransuz kinoteatry Ginnesiň rekordlar kitabyna resmi taýdan girizildi

Doganlar Lýumeriň ilkinji filmleriniň görkezilen ýeri bolan Fransiýanyň günortasyndaky “Edem” kinoteatry Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýädäki iň gadymy kinoteatr hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu kinoteatra 132 ýyl doldy diýip, AFP agentligi habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

“Iki ýyldan gowrak wagt alnyp barlan gözlegleriň netijesinde bu administratiw iş öz peýdasyny tapdy” – diýlip, bu kinoteatry gorap saklamak we ösdürmek bilen meşgullanýan Les lumieres de l’Eden assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Mişel Korniliň beýannamasynda aýdylýar. 
“Bu güýçli duýgulary oýarýar, sebäbi men ömrümiň dowamynda “Edemiň” ýaşamagyny dowam etdirmegi üçin maşgalamyň nähili göreşýändigini gördüm” – diýip, kinoteatryň müdiri we onuň taryhy eýeleriniň çowlugy Mari-Lor Smilowiçi belleýär.

“Edem” kinoteatry 1889-njy ýylyň 15-nji iýunynda Ortaýer deňziniň kiçiräk La-Sýota portunda açylýar. Şol wagt ol ýerde bary-ýogy 12 müň adam ýaşaýardy (häzirki wagtda – 35 müňden gowrak). “Edem” ilkibaşda teatr çykyşlaryny, konsertleri we hatda boks hem-de grek-rim göreşi boýunça oýunlary geçiripdi.