Türkmen Lideri Balkan welaýatyna iş saparynyň jemleri boýunça maslahat geçirdi

  • 15.07.2021 10:36
  • 9.8k+

Iş saparyny tamamlap, türkmen Lideri Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Onuň dowamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça çäreler, şanly senelere taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzyň günbatar sebitine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde durmuşa geçirilen çäreler, şeýle hem öňde boljak halkara wakalara hem-de baýramçylyk dabaralaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda halkara ähmiýetli maslahatlaryň maksatnamalary talabalaýyk derejede taýýarlanyldy. Şol bir wagtda medeni maksatnamany taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu şanly sene mynasybetli dürli maksatly binalaryň 30-dan gowragynyň ulanmaga berlendigi we ýene-de şu ýylyň dowamynda 22 desganyň gurluşygyny tamamlamagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.


03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......

29.04.2026 15:09
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde ýylyň başyndan bäri alnyp barlan daşary syýasy işleriň jemleri jemlendi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýylyň başyndan bäri ýurduň halkara işjeňliginiň möhüm wakalaryna bagyşlanan brifing geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat......

27.04.2026 23:33
11k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......