Gerbert Diss 2025-nji ýyla çenli Volkswagen-iň baş direktory wezipesinde galar

  • 12.07.2021 12:38
  • 4k+

Volkswagen kompaniýasynyň baş direktory Gerbert Diss 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ýolbaşçy wezipesinde galar diýip, kompaniýa habar berdi. Muny 1prime.ru ýetirýär.

“Gerbert Diss 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli Volkswagen Group-yň ýolbaşçysy bolmagyny dowam etdirer. Anna güni kompaniýanyň Gözegçilik geňeşi degişli möhlet bilen täze şertnamany tassyklady. Bu Dissiň 67 ýaşyna çenli dolandyryjy geňeşiň başlygy boljakdygyny aňladýar” – diýlip, kompaniýanyň relizinde aýdylýar.

Volkswagen – Volkswagen, Audi, Skoda, Seat ýaly markalary birleşdirýän Ýewropanyň iň uly awtomobil öndürijisi. Korporasiýanyň “lýuks” klasyndaky awtomobilleri öndürmek boýunça bölümçesine meşhur Lamborghini, Bentley, Bugatti brendleri girýär. Kompaniýa Volkswagen Commercial Vehicles bölümi, şeýle-de Scania markasy arkaly ýük ulaglaryny çykarmak bilen hem meşgullanýar.
Awtokonserniň habar bermegine görä, anna güni Volkswagen-iň geljek ýyllar üçin ösüş strategiýasy hem hödürlendi. Hususan-da, onda elektron mobillige we programma üpjünçiligine daýanmak bilen awtomobil senagaty pudagynda kompaniýanyň dünýä lideri hökmünde ornuny berkitmäge üns berilýär. Munda awtonom dolandyryş esasy roly oýnar.
Mart aýynda Volkswagen 2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektromobiller üçin batareýa öndüriji alty zawoddan ybarat ulgamy döretmekçidigini habar berdi. Kärhanalar ýylda umumy kuwwaty 240 GWt/sag bolan akkumulýatorlary öndürer diýlip meýilleşdirilýär.


şu gün 09:56
776

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

21.06.2026 16:05
4k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......