Türkmenistanda 2021-nji ýylyň giriş synaglary welaýatlarda we Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanda 2021-nji ýylyň giriş synaglary welaýatlarda we Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmeklik 2021-nji ýylyň 12-nji iýuly — 27-nji awgusty aralygynda guralar.
Şeýle hem okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.