Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

  • 09.07.2021 09:19
  • 6.5k+

8-nji iýulda Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary aragatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ý.Grigorýewiň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar söwda, sanly tehnologiýalar, innowasiýa ykdysadyýeti ulgamynda  hem-de iki ýurduň täjirçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň uly mümkinçiliklerini aýratyn bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň döwlet edaralarynyň we hususy böleginiň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklarynyň netijeli häsiýetini nygtadylar.  Iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlygynyň energetika pudagyndan başlap, senagatyň geljegi uly ugurlaryny, ulag, düzümleýin gurluşyk we beýleki ulgamlaryň giň toplumyny öz gerimine alýandygy bellenildi.
Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi.


düýn 18:57
1.3k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
982

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......