Pandemiýa sebäpli Portugaliýada garyplygyň derejesi 25 göterim ýokarlandy

  • 09.07.2021 12:17
  • 3.5k+

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly çökgünlik sebäpli, portugaliýalylaryň, takmynan, 400 müňe golaýy garyplygyň bäri ýanyna bardy. Munuň özi Portugaliýada baýlar bilen garyplaryň arasyndaky tapawudyň ýokarlanmagyna getirdi. Bu barada Lissabonyň Katolikçilik uniwersitetiniň ykdysady gülläp ösüş merkezi tarapyndan döredilen La Caixa gaznasynyň sosial obserwatoriýasynyň barlaglaryna salgylanyp, azertag.az maglumat berýär.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, çökgünlik we çökgünlik däl döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň dowamynda pandemiýa ýurtda garyplygyň 25 göterime çenli görnetin ýokarlanmagyna getirdi. Munuň özi soňky 20 ýylda ýetilen sepgitleri howp astynda goýup, geljekde garyplygy azaltmak boýunça meýilleri tersine öwürdi. Çünki Portugaliýanyň Hökümetiniň gören çäreleri garyplygy we deňsizligiň ösüşini bölekleýin azaltmaga mümkinçilik beripdi.
Pandemiýa portugaliýalylaryň girdejisiniň görnetin azalmagyna getirdi, ýagny ýyllyk ortaça girdeji 10 müň 100 ýewrodan 9 müň 100 ýewro çenli aşak düşdi. La Caixa gaznasynyň maglumatlaryna görä, dowam edýän koronawirus pandemiýasy we ykdysady çökgünlik býujet bilen bagly meseleleriň köpüsine sebäp bolar. Çünki iri möçberli hökümet tagallalary uzak möhletleýin geljekde kömek bermek üçin kynçylyk çeker.


düýn 15:48
3.8k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 11:05
4.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 08:04
7.3k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......