Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar

  • 08.07.2021 12:50
  • 5.5k+

Soňky 13 ýylda ilkinji gezek taikonawtlar (Hytaýda kosmonawtlar şeýle atlandyrylýarlar) kosmosa çykdylar. Bu barada msn.com habar berdi.

Muny Hytaýyň orbital stansiýasynyň ekipažynyň agzalary Liu Boming we Tang Hongbo amala aşyrdylar. Modulda jemi üç sany taýkonawt bar. Kosmos gämisiniň daşyndaky işlerde iki adam işledi we ekipažyň serkerdesi Ne Haýşeng stansiýanyň içindäki kömekçi işler bilen meşgullandy diýip, çeşme belleýär.
Ýatlap geçsek, 17-nji iýunda Hytaý "Şençžou-12" kosmos gämisi arkaly daşaýjy raketany uçurdy. Gämi Hytaýyň "Týangun" orbital stansiýasynda uçdy. Ekipažyň sentýabr aýynda Ýere gaýdyp gelmegine garaşylýar.
Taýkonawtlaryň biri Lýu Bomingiň eýýäm 2008-nji ýylda kosmosa uçup, Hytaýyň ilkinji gezek kosmos giňişligine çykyşyna gatnaşandygyny bellemelidiris.


23.05.2026 15:57
7.6k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
7.9k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.8k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

21.01.2026 10:08
5.2k+

Illýuminatory çat açan hytaý kosmos gämisi Ýere ekipažsyz gaýdyp geldi

Hytaýyň «Şençžou-20» kosmos gämisi 2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ýere ekipažsyz üstünlikli gaýdyp geldi – kapsula Içki Mongoliýanyň Dunfen sebitinde boş gondy. Bu barada South China Morning Post habar berýär...