Aşa gyzgynda adatdan daşary ýagdaýlara getirip biljek sebäpler haýsylar?

Aşa gyzgynda adatdan daşary ýagdaýlara getirip biljek sebäpler haýsylar?

TmCars.info Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy bölümi tarapyndan adatdan daşary gyzgyn howa şertlerinde alnyp barylýan işleri we berilýän maslahatlary dykgatyňyza ýetirýär.

  • Howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda raýatlaryň arasynda gün we ýylylyk urmak, ýangynlaryň, çygly we gurak howa akymlarynyň çaknyşmaklarynyň netijesinde garaşylmaýan çagbaly ýagyşlaryň ýüze çykmak we sil suwlarynyň emele gelmek howpuny ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, gyzgyn howa hadysasy bilen bagly çäreleriň guralmagynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň işjeň gatnaşmaklary zerurdyr.
  • Ýylylyk we Gün urmadan goranmagyň ýollary barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat işlerini guramak maksadalaýyk bolar.
  • Howanyň aşa gyzýan günlerinde ilatyň özlerini alyp barmaklarynyň tertibi barada duýduryş SMS maglumatlarynyň raýatlaryň öýjükli telefonlaryna ugradylmagy netijeli çäreleriň biri bolar.
  • Bazarlarda et-süýt we tiz zaýalanýan iýmit önümleriniň hiline, saklanyşyna we möhletine gözegçilik güýçlendirilmelidir.
  • Gurluşyk meýdançalarynda, nebit-gaz pudagynda, açyk meýdanlarda, çölde zähmet çekýän işgärleriň iş tertibine seredip, olaryň howanyň ýaramaz täsirlerinden goralmagy üpjün edilmelidir.
  • Ýokary temperaturaly howa şertlerinde işleýän işgärleriň zerur çaý, suw we iýmit önümleri bilen üpjün edilmegi guralmaly, olaryň açyk Günüň astynda işlemek boýunça zähmet sagatlarynyň azaldylmagyna seredilmeli. Açyk meýdanda işleýän adamlaryň sany çäklendirilmeli, işler tapgyrlaýyn alnyp barylmaly.
  • Elektrik hojalyklarynda, köpçülikleýin ulanylýan sowadyjy enjamlaryň ulanylyşynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berjaý edilişine ünsi güýçlendirmeli.
  • Türkmenistanyň Energetika ministrligi gyzgyn howaly günlerde sowadyjylaryň köpçülikleýin ulanylmagynyň netijesinde elektrik togunyň sarp edilişiniň artmagy bilen bagly, möhüm desgalarynyň elektrik üpjünçiliginde bökdençlikleriň döremezligi üçin zerur çäreleri görmeli.
  • Demirýol çeleklerinde, awtoulaglarda howply ýükler daşalanda ýangyn howpsuzlygynyň talaplary berk berjaý edilmeli. Zerur bolsa ýük çekmegiň sanyny çäklendirmeli ýa-da demir ýol çeleklerinde gije gatnatmaly.
  • Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, nebit-gaz, himiýa pudagynyň önümçilik desgalarynda, howply önümler saklanylýan ammarlarda güýçlendirilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini girizmeli, gije-gündizleýin nobatçylygy alyp barmaly.

Aşa gyzgynda sil gelmeginiň öňüni almak zerurdyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goragy bölümi howanyň temperaturasynyň aşa ýokarlanmagynyň duýdansyz çagbaly ýagyşlara, sil we ýagyş suwlarynyň emele gelmegine getirip biljekdigini ýatladyp, käbir maslahatlary berýär:

  • Aprel-awgust aýlary sil gelme hadysalarynyň ýüze çykýan döwrüdir. Sil gelme hadysalarynyň 75 göterimi hut şu döwürde bolup geçýär.
  • Köpetdag, Kiçi hem Uly Balkan, Köýtendag dag etekleri, Bathyz dag baýyrlyklary we Garabil belentlikleri ýurdumyzyň esasy sil gelme howply sebitleri hasap edilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýurdumyzyň dag etek etraplarynda ýerleşýän ilatly nokatlaryň çäginden geçýän derýalaryň, sil-suw akabalarynyň, jarlaryň çagbaly ýagyşlar netijesinde emele gelýän sil suwlaryny akdyrmaga taýýarlygyny gazanmaly.
  • Sil gelmek ähtimallygy ýokary bolan ilatly nokatlarda, edara binalarynda, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde içi çäge bilen doldurylan polietilen haltalaryň zerur möçberlerdäki ätiýajyny döretmeli.