Internetde “IPhone 13”-iň dizaýny peýda boldy

  • 07.07.2021 13:37
  • 17k+

Internet ulgamynda geljekde çykmagyna garaşylýan “iPhone 13”-iň dizaýny şekillendirilen suratlary peýda boldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

Suratlardan görnüşine görä, smartfonlaryň daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmelere garaşmagyň zerurlygy ýok. Has takygy, internet torunda täze modeller üçin daşlyklaryň (çehollaryň) suratlary ýaýrady. “IPhone 13 Pro” üçin niýetlenen daşlyk “iPhone 12 Pro” modeline geýdirilipdir. Şondan görnüşine görä, täze önümde esasy kamera moduly has uly bolar.
“IPhone 13 Pro” kameralarynyň göwrümini artdyrmagyň esasy sebäplerinden biri sensory durnuklaşdyryş tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy bolup biler. Şeýle hem, täze “Apple” smartfonlarynda şekil datçikleriniň has ulaldylmagynyň mümkindigi barada myş-myşlar bar.


düýn 09:37
3.6k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.2k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.7k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....