Amerikanyň Kubogy: Argentina finala çykdy. Ol Braziliýa bilen duşuşar

Amerikanyň Kubogy: Argentina finala çykdy. Ol Braziliýa bilen duşuşar

Argentinanyň milli ýygyndysy Amerikanyň Kubogy - 2021-iň finalyna çykdy. Finalda olar ýer eýeleri Braziliýa bilen duşuşar.

Ýarym finalda argentinalylar Kolumbiýadan üstün çykdylar. Duşuşygyň esasy wagty deňme-deňlikde tamamlandy — 1:1, 11 metrlik urgularda argentinalylar ýeňiş gazandy - 3:2.
Oýnuň esasy wagtynda Lautaro Martines 7-nji minutda Lionel Messiniň pasy bilen hasaby açdy. 61-nji minutda Luis Dias hasaby deňledi.
Argentinaly derwezeban Emiliano Martines 11 metrlik urgularyň üçüsini aýyrdy. Kolumbiýalylardan Dawinson Sançesiň, Ýerri Minanyň we Edwin Kardonanyň synanyşyklary şowsuz boldy, argentinalylardan Rodrigo De Paul gol geçirip bilmedi.
Şeýlelikde, Amerikanyň Kubogynyň finalynda tomaşaçylar taryhy gapma-garşylykly oýna tomaşa ederler — Argentina ýarym finalda Peruny ýeňen Braziliýa bilen oýnar - 1:0. Duşuşyk 11-nji iýulda ir sagat 05:00-da (aşg. wagt) başlar. Kolumbiýa 3-nji ýer ugrundaky oýunda Peru bilen oýnar, duşuşyk 10-njy iýulda sagat 05:00-da (aşg. wagt) başlar.