Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär

  • 11.07.2021 07:41
  • 5880
Samsung 11-nji awgustda täze smartfonlary, smart sagatlary we gulaklyklary hödürlär

Samsung kompaniýasynyň tomusky tanyşdyrylyş dabarasynyň awgust aýynda geçiriljekdigi baradaky habar tassyklandy. Kompaniýa diňe bir çäräniň senesini däl, eýsem şol gün anons ediljek täze önümleriň sanawyny görkezýän resmi mahabat tizerini neşir etdi. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.

Postere laýyklykda, nobatdaky Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasy 11-nji awgusta meýilleşdirilýär. Şol gün kompaniýa Galaxy Z Fold 3 we Galaxy Z Flip 3 eplenýän smartfonlary, Galaxy Watch 4 smart sagatlaryny we Galaxy Buds 2 simsiz gulaklyklaryny hödürlär. 
Galaxy Z Fold 3 smartfonunyň 120 Gs kadr ýygylykly hem-de diagonaly 6,23 we 7,55 dýuým bolan iki sany Super AMOLED ekranyna eýe bolmagyna garaşylýar. Mundan başga-da, gurluş üç esasy kamera we ekranasty frontal kamera eýe bolar diýlip çaklanylýar.
Galaxy Z Flip 3, internet çeşmeleriniň habar bermegine görä, Snapdragon 888 prosessory, 25 Wt simli zarýad berme we 15 Wt simsiz zarýad berme bilen sygymy 3300 mA/sag bolan akkumulýator batareýasy, şeýle-de 6,9 we 1,9 dýuým AMOLED ekranlary bilen üpjün ediler. 
Täze nesliň Galaxy Watch akylly sagady iki wersiýada çykar: Galaxy Watch 4 we Galaxy Watch 4 Classic. Gurluşlar iki ölçegde elýeterli bolarlar – Galaxy Watch 4 üçin 40 mm we 44 mm, Galaxy Watch 4 Classic üçin 42 mm we 46 mm. Sagatlar ulanyjynyň organizminde ýagyň mukdaryna baha bermäge, ýüregiň urşunyň üýtgeýşine gözegçilik etmäge we gandaky kislorodyň düzüminiň derejesini ölçemäge ukyplydyr.
Galaxy Buds 2 TWS gulaklyklary barada aýdylanda, olar bazara dört reňde: ak, gara, benewşe we ýaşyl reňklerde çykar. Deslapky maglumatlar boýunça, gulaklyklar AKG hünärmenleriniň gatnaşmagynda döredildi.


11.05.2024 18:40
12994

Satuwy azalsa-da, gazanjy artdy: Samsung hindi bazarynda liderligini ýitirdi

Samsung ABŞ-da we dünýä bazarynda paýyny artdyrsa-da, Hindistanda ýagdaý günorta koreýaly kompaniýa üçin o diýen üstünlikli bolmady. Birinji çärýegiň jemi boýunça, kompaniýa göni üçünji orna düşdi. Bu barada ixbt...

03.05.2024 10:46
3215

Samsung smartfon bazarynda öňdeligi dowam edýär

Canalys kompaniýasynyň analitikleri smartfon bazarynda birinji çärýegiň netijesini jemlediler. Samsung Apple-den arany açyp, öňdebaryjylygy gaýdyp aldy diýip, ixbt.com habar berýär.  Çärýekde jemi 296,2 mln smartfon...

01.05.2024 14:05
4066

Samsung-yň girdejisi 900%-den gowrak ýokarlandy

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics elektronika ägirdi birinji çärýekde amal girdejisiniň 900%-den gowrak ýokarlandygyny habar berdi. IXBT-iň ýazmagyna görä, muňa ýat çipleriniň bahalarynyň öňki durkuna gelmegi we...

19.04.2024 22:24
15985

Samsung kompaniýasynyň ýolbaşçylary çökgünlik sebäpli alty günlük iş hepdesine geçýärler

Günorta Koreýanyň Samsung Group holdinginiň bölümçeleriniň ýolbaşçylary wonanyň hümmetiniň pese gaçmagy, nebitiň bahasynyň we karz boýunça goýumlaryň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly kyn ykdysady ýagdaý sebäpli...