Werstappen “Formula-1” möwsüminde yzygider üçünji ýeňşini gazandy

  • 06.07.2021 12:54
  • 2.8k+

«Formula-1» ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň dokuzynjy tapgyrynyň – Awstriýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen boldy. Bu onuň yzygider üçünji we möwsümde bäşinji ýeňşidir. Bu barada www.m24.ru habar berýär.

Ýaryşda ikinji orny “Mersedes” toparyndan finlýandiýaly Waltteri Bottas eýeledi. Üçünji “Maklarenden” Lando Norris boldy. Häzirki dünýä çempiony Lýuis Hemilton bolsa dördünji orny eýelemegi başardy.
Iň soňky orun russiýaly Nikita Mazepine degişli boldy. Onuň topar boýunça ýoldaşy Mik Şumaher ýaryşy 18-nji orunda tamamlady. “Alpinden” fransuz Esteban Okon ikinji aýlawda italýan Antonio Jowinassi (“Alfa Tauri”) we Şumaher bilen çaknyşdy, şondan soň ýaryşy dowam etdirip bilmedi.
Werstappen 182 utuk gazandy we umumy hasapda birinji orny eýeledi, ikinji orunda Hemilton (150), üçünji orunda “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (104) ýerleşýär. Konstruktorlaryň kubogynda “Red Bull” (286) liderligini dowam etdirýär, onuň yzyndan “Mersedes” (242) we “Maklaren” (141) gelýär. 
Çempionatyň onunjy tapgyry – Beýik Britaniýanyň Gran-prisi 16-18-nji iýulda “Silwerstoun” awtodromynda geçiriler.


23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......