Olimpiadanyň ýaryşlarynyň 40 göterimi tomaşaçysyz geçiriler

Olimpiadanyň ýaryşlarynyň 40 göterimi tomaşaçysyz geçiriler

Sanlyja günlerden badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary sport desgalaryna barmagyň çägini goşmaça ýene-de azaltsa, ýaryşlaryň 40 göterimi tomaşaçysyz geçirilip bilner. Bu barada Ýaponiýanyň Kyodo agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, esasy wariant hökmünde stadionlara geljekleriň sanyny 10 müň adamdan 5 müňe çenli gysgaltmak göz öňünde tutulýar. Şeýle ýagdaýda 5 müňe golaý petek satylan oýunlaryň ählisi, şol sanda 21:00-dan soň meýilleşdirilen ýaryşlar tomaşaçysyz geçirilmeli bolar. Bu çäklendirme futbol, beýsbol, basketbol, ýeňil atletika boýunça geçiriljek ýaryşlara, şeýle-de Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna degişlidir. 
Şu hepdäniň dowamynda Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary bäştaraplaýyn onlaýn duşuşyk geçirerler. Onuň dowamynda stadionlara näçe adam goýbermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Tokio-2020-niň Guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Hasimoto golaýda geçirilen metbugat maslahatynda guramaçylaryň ýaryşlary tomaşaçysyz geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Şuňa meňzeş pikiri Tokio şäheriniň gubernatory Ýuriko Koike hem beýan etdi.