Gonkongda iň uzyn we iň gymmat metro şahasy ulanyşa girizildi

  • 05.07.2021 14:17
  • 4.7k+

Gonkongda uzynlygy 56 kilometr bolan iň uzyn we iň gymmat metro şahasynda otlular hereket edip başlady. Bu barada Hytaýyň bu ýörite administratiw sebitinde demir ýol ulaglarynyň operatory MTR korporasiýasy habar berdi. Muny Trend ýetirýär.

Gürrüň Gonkongyň Täze territoriýalarynyň günbatar we gündogar böleklerinde (şäheriň materik bölegi) hereket edýän iki liniýanyň birleşdirilmegi arkaly emele gelen Tuen Ma şahasy barada gidýär.
Ýedi stansiýany öz içine alýan 11 kilometrlik birleşdiriji bölegiň gurluşygy ençeme gezek yza süýşürildi we netijede 90,7 mlrd gonkong dollaryna ($11,7 mlrd) düşdi. Şeýlelik bilen, her kilometri çekmegiň bahasy 1 mlrd dollara ýetdi, bu hem şäheriň taryhynda iň gymmat demirýol taslamasy boldy.
2014-nji ýylyň aprel aýynda täze stansiýalaryň biriniň gurluşyk ýerinde taslamanyň bir ýyl yza süýşürilmegine sebäp bolan Sun dinastiýasy (960-1279) döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri tapyldy.
Bu bölegiň ulanyşa girizilmegi bilen şäherde umumy uzynlygy 56 kilometr bolan iň uzyn şaha emele geldi. Ol 27 stansiýany özünde jemleýär. Şenbe güni Gonkongyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Kerri Lam täze liniýa boýunça inspeksion saparyny amala aşyrdy.

şu gün 13:03
13

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
713

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
475

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

düýn 20:27
2.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......