Hytaýyň karzy taryhy rekordy täzeledi

  • 02.07.2021 20:22
  • 18k+

Soňky on ýylda Hytaýyň karzy ep-esli ýokarlandy we ýurduň häkimiýetleri üçin çynlakaý meseleleriň birine öwrüldi diýip, Day.Az belleýär. Pekin artýan algy derejesini ykdysady durnuklylyk üçin howp bolup biler diýip hasaplaýar. Soňky ýyllarda ýurt olara garaşlylygyny azaltmaga çalyşdy, ýöne koronawirus çökgünligi sebäpli bu ugurdaky işleri togtatmaly boldy.

Pandemiýa işewürlige düýpli zyýan ýetirdi we şol sebäpli, häkimiýetler kompaniýalar üçin karz almagy ýeňilleşdirmäge mejbur boldular. Netijede, Halkara hasaplaşyk bankynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde karz derejesi JIÖ-iň, takmynan, 290%-ini emele getirmek bilen, taryhy rekordy täzeledi. 
Koronawirus çökgünligi döwründe ABŞ, Ýaponiýa, Ýewropa ýurtlary ýaly iri ykdysadyýetler hem şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldular. Sebäbi häkimiýetler kompaniýalara we adamlara pandemiýa kynçylyklaryndan baş çykarmaga kömek etmeli boldular. Ýöne hytaý karzynyň gurluşy başgaça: JIÖ-iň 160%-den gowragy ABŞ-da we Ýaponiýada bolşy ýaly, hökümet däl-de, korporatiw pudagynyň paýyna düşýär.
Pandemiýadan soň ykdysadyýeti dikeldiş döwründe Hytaý karzy çäklendirmek boýunça tagallalaryna gaýdyp geldi we Barklayc britan bankynyň hünärmenleriniň hasaplamalaryna görä, karz derejesi şu ýylyň ahyryna çenli 2020-nji ýylyň ahyryndaky 13,3% bilen deňeşdirilende, 10-10,5%-e çenli peseler.
Häkimiýetleriň koronawirus çökgünligi döwründe karz almagy ýeňilleşdirmegi sebäpli, ýurduň bank ulgamynyň girdejisi ep-esli azaldy. Hytaýyň bank pudagynyň maliýe görkezijileriniň ýaramazlaşmagy soňky 10 ýylda iň ýokary boldy.


şu gün 00:06
6.7k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

düýn 23:49
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......

düýn 16:15
3.2k+

Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisiniň netijeleri boýunça ylalaşyklar toplumyna gol çekildi

Aşgabatda geçirilen Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisiniň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen resminamalar toplumyna......

düýn 15:20
1k+

Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi

16-njy aprelde Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we strategik hyzmatdaşlygy......