Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine 335 türgen girdi

Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine 335 türgen girdi

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna Russiýadan 335 türgen ugradylar. Bu barada Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň başlygy Stanislaw Pozdnýakowyň sözlerine salgylanyp, smotrim.ru habar berýär.

Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň başlygy Stanislaw Pozdnýakow Tokioda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Russiýanyň Olimpiýa ýygyndysynyň düzümine 335 türgeniň girendigini habar berdi.

«Edil häzir Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi tamamlandy we onuň  dowamynda Tokioda geçiriljek oýunlara gatnaşjak toparyň düzümi tassyklandy. Toparyň düzümi 335 türgenden ybarat. Biz basketbolçylaryň çykyşlaryna garaşýarys we ýüztutmalary ýaparys» diýip, Pozdnýakow aýtdy.

30-njy iýunda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň adyndan Tokio Olimpiadasynda çykyş etjek türgenler bilen duşuşdy. kremlin.ru saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyk Uly Kreml köşgüniň «Georgiý» zalynda geçirilip, oňa türgenler hem-de olaryň tälimçileri gatnaşdylar.

«Ýaponiýada geçiriljek oýunlar, elbetde, üýtgeşik bolar. Biz guramaçylaryň türgenleriň we tomaşaçylaryň saglygyny goramak üçin ähli zerur bolan çäreleri görjekdiklerini göz öňünde tutýarys. Ýöne mejbury çäklendirmelere we beýleki kynçylyklara garamazdan, siziň her biriňiziň, ähli türgenleriň iň ýokary netijeleri görkezjekdigiňize, mynasyp çykyş edip, öz wepaly janköýerleriňizi begendirjekdigiňize ynanýaryn» diýip, Wladimir Putin aýtdy.