RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy türkmen Liderini doglan güni bilen gutlady

  • 30.06.2021 20:15
  • 11k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikler arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany we Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň köp ugurlar boýunça üstünlikli gatnaşyk edýändigini nygtadylar.
Türkmen Lideri we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy yzygiderli geçirilýän parlamentara duşuşyklaryň, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini bellediler.


22.04.2026 14:43
9.6k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki gurluşyk işlerine nägilelik bildirdi

Arkadag şäherinde geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginine we......

20.04.2026 20:30
4.5k+

Raşid Meredow Antalýada birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen duşuşyklary geçirdi

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow birnäçe döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň......

18.04.2026 00:06
14k+

«Galkynyş» känini özleşdirmegiň täze tapgyry müňden gowrak iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer

«Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyry ýurduň önümçilik infrastrukturasyny we eksport mümkinçiliklerini düýpli giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň......

17.04.2026 23:49
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan «Galkynyş» känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyryna badalga berdi

17-nji aprelde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işlere badalga bermek dabarasy boldy. Çärä Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy......