Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

  • 30.06.2021 14:34
  • 13k+

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Baştutany türkmen Liderini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge aýratyn üns berýändigi, ony özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýandygy bellenildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäginde köp ýyllaryň dowamynda üstünlikli işlemeginiň türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şol kompaniýalar energetika hem-de ulag ulgamlarynda işleýärler, gurluşykda we beýleki möhüm pudaklarda düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýärler.
Şunda geljegi uly türkmen bazarynda işjeň işlemäge gyzyklanma bildirýän Russiýanyň esasy kärhanalaryny çekmek arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygy bellenildi.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......