Türkmenistan güýz-gyş möwsüminde Gyrgyzystana tebigy gazyny we elektrik energiýasyny iberer

  • 30.06.2021 08:39
  • 14k+

Türkmenistan we Gyrgyzystan ýangyç-energetika pudagy boýunça kooperasiýany güýçlendirmegi ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümlere Türkmenistandan tebigy gazy, elektrik energiýasyny, şeýle hem suwuklandyrylan gazy Gyrgyz Respublikasyna ibermek meselesiniň üstünde işlemegi tabşyrdylar. Bu barada Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň netijesi boýunça kabul eden Bilelikdäki Beýannamasynda bellediler.

Taraplar Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ýük daşaýjylaryna amatly şertleri döretmegi, şol sanda özara şertlerde wizalaryň resmileşdirilmegi üçin konsullyk ýygymlarynyň nyrhlaryny birmeňzeş etmegi ylalaşdylar.
Döwletleriň Baştutanlary Türkmenistandan Gyrgyz Respublikasyna mineral dökünleri ibermek mümkinçiligine seretdiler we iki ýurduň oba hojalygy pudagynda uly hyzmatdaşlyk mümkinçiliginiň bardygyny nygtadylar.
Prezidentler Gyrgyz Respublikasynda «Türkmenistan» şypahana-dikeldiş ulgamynyň desgasyny we iki ýurtda söwda öýlerini gurmak boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň meseleleriniň üstünde işlemegi iki ýurduň degişli düzümlerine tabşyrmagy karar etdiler.
Gyrgyzystanyň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Döwlet Baştutanlary birnäçe meseleler boýunça, şol sanda bilelikdäki işewürlik taslamalaryna goldaw bermek üçin 100 million ABŞ dollar möçberinde Gyrgyz-türkmen ösüş gaznasyny döretmek, şeýle hem güýz-gyş möwsüminde Gyrgyzystany türkmen gazy we elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça ylalaşdylar.


17.01.2026 08:47
4.7k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...