Xiaomi hususy kinostudiýasyny döretdi

  • 29.06.2021 19:37
  • 3.7k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň ýaýraýyş çägini giňeldýär. Öň ol ykjam gurluşlaryň bazarynda işleýän kompaniýa hökmünde tanalan bolsa, häzir ol özüni kinematograf tarapdan görkezýär. Ýakynda Weibo sosial torunda kompaniýanyň bölümçesiniň aýratyn sahypasy Xiaomi Studios peýda boldy. Bu barada www.ixbt.com habar berýär.

Bu smartfon öndüriji kompaniýa tarapyndan döredilen ilkinji we hususy kinostudiýadyr. Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň täze kinostudiýasy mazmun döretmegi öwrenmäge gönükdiriler. Kompaniýa Xiaomi Creator programmasyny hem işe girizjekdigini habar berdi. Şeýle etmek bilen, ol isleg bildirýänlere has kämil bolan döwrebap smartfonlaryň kameralaryny ulanyp, kiçiräk film düşürmekde güýçlerini barlap görmegi teklip edýär. 
Smartfon kameralary mümkinçilikleri boýunça professional kameralar bilen deňleşip bilmeýär, ýöne olar isleg bildirýänlere wideorolikleri döretmek üçin amatly warianty hödürleýärler. Xiaomi öz flagmanlarynda dürli gysga metražly filmleriň nähili döredilendigini eýýäm görkezdi. Ýakyn wagtda hytaý brendiniň birnäçe gysga metražly filmleriniň peýda bolmagyna garaşylýar. Häzirlikçe täze studiýa we Xiaomi Creator programmasy barada jikme-jik maglumatlar ýok, ýöne Xiaomi ýakyn wagtda bular barada has giňişleýin aýtmagy wada berýär.
Xiaomi önümlerine islegi ýokarlandyrmak üçin kino düşürmelerini ulanmaga başlan ilkinji kompaniýa däl. Öň, Apple kompaniýasy iPhone-da düşürilen birnäçe filmleri görkezdi. Olaryň arasynda Hytaýyň gysga metražly “Üç minut” filmi we Ermitaž barada bäş sagatlyk film bar.


şu gün 10:50
256

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

16.01.2026 08:10
3.6k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

06.01.2026 14:33
3.3k+

Xiaomi HyperOS goldawyny 5 ýyla çenli uzaldýar: Täze modelleriň sanawy

Xiaomi kompaniýasy programma üpjünçiligini goldamak maksatnamasyny ep-esli giňeldýändigini yglan etdi. Indi Xiaomi, Redmi we Poco brendleriniň birnäçe enjamlary bäş ýyla çenli HyperOS täzelenmelerini alarlar. Bu täzelik saýlanan smartfonlar we planşetler üçin hem esasy operasion ulgamynyň täzelenmelerini hem-de täze funksiýalaryň yzygiderli girizilmegini öz içine alýar...