Hindistanda koronawirusyň täze mutasiýasy ýüze çykaryldy

Hindistanda koronawirusyň täze mutasiýasy ýüze çykaryldy

Hindistanda koronawirusyň täze ştammy ýüze çykaryldy. Ony "Delta plýus" (delta+) diýip atlandyrdylar. Bu barada pcnews.ru habar berdi.

"Delta plýus" ştammy Hindistanyň merkezi bölegindäki Maharaştra ştatynyň dört etrabynda ýüze çykaryldy. Çeşmeleriň bellemegine görä, Hindistanyň Saglygy goraýyş ministrligi bu mutasiýany entek kän bir gorkuly hasaplamaýar.
Häzirki wagta çenli täze ştamm bilen kesellänleriň 20-si hasaba alyndy. Häzirki wagtda ylmy barlagçylar ony öwrenýärler.  Genom yzygiderliligi üçin nusgalar bolsa eýýäm iberildi. Onuň netijesine görä, täze wariant hakynda giňişleýin maglumat alnar.
Ýatlap geçsek, ýakynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSG) SARS-CoV-2 koronawirusynyň täze ştamlaryny atlandyrmagyň tertibini üýtgedipdi. Ozal ştamlar tapylan ýerleriniň ady boýunça atlandyrylýardy - hindi, iňlis we ş.m. Indi olara diňe grek elipbiýiniň esasynda atlar berilýär.