Türkmenistanly R.Sultanow MMA-35-de russiýaly türgenden üstün çykdy

  • 28.06.2021 07:10
  • 31k+

Türkmenistanly Rasulbek Sultanow garyşyk göreş boýunça MMA Seriýa-35 ýaryşynda russiýaly Alekseý Gromowdan üstün çykdy. Sankt-Peterburgda geçirilen tutluşyk birinji raundda tehniki nokaut bilen tamamlandy (2:04) diýip, «Çempionat» habar berýär.

Türkmen türgeni professional karýerasyny 2020-nji ýylyň iýulynda başlady. Ilkinji tutluşygynda BFC-57 (Belarusuň çämpionaty) ýaryşynda ukrainaly Aleksandr Lipskini ýeňdi.
Geçen ýylyň sentýabrynda Russiýada Kingiseppede geçirilen ikinji tutluşygynda Rasulbek russiýaly Wladimir Osipowdan ýeňildi.
Şeýlelikde, professional karýerasynyň ilkinji ýylynda türkmen türgeninde iki ýeňiş we bir ýeňliş bar.


17.04.2026 09:31
19k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.4k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....

03.04.2026 19:30
3.9k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 14:36
11k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....