Ýewro-2020: Ispaniýa Slowakiýany, Şwesiýa Polşany ýeňdi

  • 24.06.2021 14:27
  • 3.6k+

Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji oýnunda Şwesiýanyň milli ýygyndysy Polşadan üstün çykdy. Duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy.
Şwesiýalylardan Emil Forsberg 2-nji, 59-njy minutlarda gol geçirip, dubl etdi. Robert Lewandowskiý hasaby deňledi. Oýunda ýeňiş pökgüsini 90-njy minutda şwesiýaly Wiktor Klasson geçirdi.

E toparyň beýleki duşuşygynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Slowakiýany 5:0 hasabynda ýeňdi.
Ispanlardan Emerik Lýaport, Pablo Sarabiýa we Ferran Torres gol geçirdi. Duşuşykda slowakiýalylardan derwezeban Martin Dubrowka we ýarymgoragçy Ýuraý Kuska öz derwezesine gol geçirdi.
Alwaro Morata 12-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndan gol geçirip bilmedi.
Şeýlelikde, üç tapgyryň netijeleri boýunça E topardan pleý-off tapgyryna 7 utuk bilen Şwesiýa, 5 utuk bilen Ispaniýa çykdy. Slowakiýa (3 utuk) we Polşa (1 utuk) Ýewro - 2020-de çykyşyny tamamlady.

Galyberse-de, ispanlaryň uly hasap bilen ýeňmegi Ukrainanyň milli ýygyndysyna goşmaça görkezijiler boýunça 1/8 finala çykmaga mümkinçilik berdi.


şu gün 23:12
167

FIFA bahalar tankytlanandan soň DÇ-2026 üçin käbir petekleriň bahalaryny arzanlatdy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin petekleriň täze arzan kategoriýasyny girizdi. Bu guramanyň baha syýasatynyň ýiti tankytlanmagynyň netijesi boldy. «Janköýerler üçin giriş petegi» atly täze kategoriýa boýunça petek bahasy 60 dollar bolar...

şu gün 21:47
555

«Inter Maýami» Luis Suares bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

Urugwaýly hüjümçi Luis Suares Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» kluby bilen täze şertnama baglaşdy. Ylalaşyk 2026-njy ýylyň ahyryna çenli hereket edýär diýip, toparyň metbugat gullugy habar berdi. 38 ýaşly hüjümçi amerikan klubunda 2024-nji ýyldan bäri çykyş edýär...

şu gün 13:11
4.8k+

«PSŽ» penalti tapgyrynda FIFA-nyň Yklymara kubogyny utdy: Safonow 4 topy yzyna gaýtardy

«Pari Sen-Žermen» taryhda ilkinji gezek FIFA-nyň Yklymara kubogynyň eýesi boldy. Ol Braziliýanyň «Flamengo» klubuny oýundan soňky penalti tapgyrynda utdy. Er-Raýýanda (Katar) geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda deňme-deň tamamlandy, 11 metrlikden gol geçirmekde bolsa parižliler güýçli geldi – 2:1...

şu gün 11:52
2k+

Usman Dembele IFFHS tarapyndan 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «Pari Sen-Žermen» klubunyň hüjümçisi Usman Dembele Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan geçirilen ses berişligiň netijesi boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi...