Werstappen Fransiýa Gran Prisinde ýeňiji boldy

  • 23.06.2021 19:45
  • 4.3k+

"Red Bull"-yň sürüjisi Maks Werstappen "Formula-1" çempionatynyň 7-nji tapgyrynda - Fransiýa Gran Pri-sinde ýeňiji boldy. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Oňa "Mersedes"-iň iňlis sürüjisi Lýuis Hemiltondan öňe geçmek diňe iň soňky aýlawda başartdy. Netijede, Hemilton ikinji we “Red Bull”-yň ýene bir sürüjisi bolan meksikaly Serjio Perez üçünji orny eýeledi.
Maksyň ýaryşa poul zolagyndan başlandygyny bellemek gerek. Şeýle-de bolsa, ol birinji aýlawda ýalňyşlyk goýberdi we Hemiltony öňe geçirdi. Ýöne eýýäm birinji pit-stopdan soň Werstappen häzirki çempiondan ýene öňe geçmegi başardy.
Bu üstünlik umumy sanawda Maksyň öňdebaryjylygyny güýçlendirdi: Werstappen 131 utuk bilen öňdeligini dowam edýär, Hemilton (119) - ikinji, Perez (84) bolsa üçünji orunda ýerleşýär. Şeýle hem ilkinji 5-lige Lando Norris (76) we Waltteri Bottas (59) girýär.
Ýaryşyň indiki tapgyrynyň 25-27-nji iýunda Awstriýada geçirilmegine garaşylýar.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
2k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.5k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......