Ýewro-2020: Russiýa ýaryşdan gaýtdy, Belgiýa Finlýandiýany ýeňdi

Ýewro-2020: Russiýa ýaryşdan gaýtdy, Belgiýa Finlýandiýany ýeňdi

Russiýanyň milli ýygyndysy Ýewro-2020-niň toparlaýyn tapgyrynyň jemleýji oýnunda Daniýadan uly hasap bilen ýeňildi.
Duşuşyk Kopengagendäki «Parken» stadionynda geçirilip, 4:1 hasabynda tamamlandy.
Daniýanyň düzüminde Damsgor (38), Poulsen (59), Kristensen (79) we Mehle (82) tapawutlandy. Russiýadan Dzýuba 70-nji minutda 11 metrlik jerimeden gol geçirdi.
Daniýa 1984-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Ýewro-nyň oýnunda dört gol geçirdi.

 

 

Ugurdaş duşuşykda Belgiýanyň milli ýygyndysy Finlýandiýany ýeňdi. Duşuşyk Sankt-Peterburgda geçirilip, 2:0 hasabynda tamamlandy.
Hasap Tomas Wermaleniň urgusyndan soň 74-nji minutda finlýandiýalylaryň derwezebany Lukaş Gradeskiniň awtogoly bilen açyldy, ikinji goly Romelu Lukaku 81-nji minutda geçirdi.
Şeýlelikde, B topardan pleý-off tapgyrynda 9 utuk toplan Belgiýa we 3 utuk bilen Daniýa çykdy. Finlýandiýa gol tapawudy boýunça toparynda üçünji orny eýeledi. Russiýa dördünji orny eýeläp ýaryşdan gaýtdy.