Hytaýda tölegli robot taksi hyzmaty ösdürilýär

  • 21.06.2021 20:07
  • 10k+

Hytaýda tölegli robot taksi hyzmatyny işe girizmek maksady bilen, «Baidu» kompaniýasy hem-de «BAIC Group» Hytaý döwlet awtomobil kompaniýasy üç ýylyň dowamynda sürüjisiz ulaglaryň müňüsini döreder. Bu barada lenta.ru-nyň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Apollo Moon awtoulaglary BAIC elektromobilleriniň binýadynda döredilip, Baidu bolsa ony awtomatlaşdyrylan sürme ulgamy hem-de programma üpjünçiligi bilen üpjün eder. Hasaplamalara görä, ulaglar 74 729 dollarlyk bahada öndüriler. Munuň özi sürüjisiz awtoulaglaryň adaty bahasyndan, takmynan, ýarym esse arzandyr.
Kompaniýa Hytaýyň uly şäherinde, şol sanda Şanhaýda eýýäm robot taksilerini synagdan geçirip gördi. «BAIC» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk synag tapgyryndan hyzmatlary köpçülikleýin hödürlemäge geçmek üçin mümkinçilik berer.

düýn 15:43
1.8k+

ABŞ-ly alymlar robotlara gutynyň içindäki predmetleri görmegi öwretdiler

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) alymlary ammar robotlaryna karton gutularyň, plastmassa gaplaryň içinde ýa-da ýuka diwarlaryň aňyrsyndaky predmetleri ýokary takyklykda kesgitlemäge mümkinçilik berýän mmNorm tehnologiýasyny döretdiler...

05.07.2025 19:13
3.9k+

Pikiriň güýji bilen dolandyrylyp bilinýän robot protez gol döredildi

Alymlar operasiýa edilmezden ýa-da gymmat enjamlary ulanmazdan pikiriň güýji  bilen dolandyrylyp bilinýän robot goly döretdiler. Täze inwaziw däl “beýni-kompýuter” interfeýsi elektrodly şlem bilen işleýär we bedene oturdylmagyny talap etmeýär...

29.06.2025 12:54
4.1k+

Singapurly alymlar "derleýän" boýag döretdiler. Ol salkyn howany saklap galýar

Singapurly alymlar yssy we çygly howa şertlerinde kondisioner üçin energiýa sarp edilişini ep-esli azaldyp bilýän innowasion ak reňkli boýag döretdiler diýip, New Atlas neşiri ýazýar. Täze boýag "derleýär" – ýagny, nemi özünde saklap, gyzanda ony buglandyrýar...

26.06.2025 17:39
5.8k+

Barlaglara görä, emeli aňlar ýalan sözlemäge we manipulýasiýa etmäge hem ukyply

Uly dil modellerini (LLM) döredijiler heniz hem emeli aňyň jogaby nädip döredýändigine doly düşünmeýärler diýip, täze barlaglara salgylanýan Financial Times ýazýar. Anthropic, Google, OpenAI we xAI laboratoriýalarynda jogaplar döredilende AI-niň pikirleniş ädimini yzarlamaga mümkinçilik berýän “pikirler zynjyry” usuly ulanylýar...