Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna näçe tomaşaçynyň gatnaşyp biljegi belli boldy

Tokiodaky Olimpiýa oýunlaryna näçe tomaşaçynyň gatnaşyp biljegi belli boldy

Ýaponiýada koronawirusa garşy geçirilen üstünlikli göreşiň netijesinde, Olimpiýa oýunlarynyň stadionlarynyň kabul edip biljek tomaşaçylarynyň sanyna täzeden garaldy. Bu barada "The Guardian" habar berdi.

Ýaponiýanyň saglygy goraýyş hünärmenleri sport desgalarynda tomaşaçylaryň sanyny köpeltmek meýilnamasyny tassyklandan soň, şu tomus Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna 10 000 adama tomaşa etmäge rugsat berlip bilner. Teklip edilýän çäre 20-nji iýunda Tokioda we ýurduň beýleki ýerlerinde koronawirus bilen bagly adatdan daşary ýagdaý ýatyrylandan soň güýje girer we awgust aýynyň ahyryna çenli dowam eder diýip, Ýaponiýanyň koronawirusa garşy göreşe jogap berýän ministri Ýasutoşi Nisimura aýtdy.
Häzirki wagtda tomaşaçylaryň sany 5 müň adama ýa-da zalyň mümkinçiliginiň 50 göterimine çenli çäklendirilýär.
Tokio-2020-niň guramaçylyk komiteti köp sanly adamyň desgalara girmegine rugsat bermegiň Ýaponiýada bäşinji infeksiýa tolkunynyň döremegine sebäp bolup biljekdigi barada aladalanyp, şu aýyň ahyryna çenli ýerli tomaşaçylaryň Olimpiýa çärelerine gatnaşmagyna rugsat bermek ýa-da bermezlik barada gutarnykly karara gelmez.