Germaniýada howpsuz aralygy saklamagy ýatladýan enjam döredilýär

  • 17.06.2021 22:33
  • 7341
Germaniýada howpsuz aralygy saklamagy ýatladýan enjam döredilýär

Ştutgartyň şäher häkimiýeti golaýda raýatlara howpsuz aralygy saklamagy ýatladýan täze enjamy synagdan geçirer. Bu barada azertag.az habar berýär.

Habar berlişi ýaly, ýörite enjam haýsydyr bir köpçülik çäresine gelen adamlara aralyk barada ýatladýan sesli duýduryş berýär. Täze enjam Saarland uniwersitetiniň ussatlary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Ştutgart şäheriniň häkimiýeti aralygy ölçeýän täze enjam arkaly hatda adamlar has köpçülikleýin toplananda-da, şäheriň gijeki we medeni durmuşynyň görnetin howpsuz boljakdygyny tassyklaýar.
Supermarketleriň we söwda merkezleriniň müşderileri desgalara girenlerinde hökmany ýagdaýda islendik wagtda olaryň ýerleşýän ýerini anyk kesgitlär ýaly, ýörite enjam oturdylan sebetleri ýanyna almaly bolarlar. Duýduryjy ulgam islendik wagtda sesli ýa-da yrgyldyly signal arkaly döräp biläýjek duşuşyk hakynda habar berer. Şeýle hem ol adamlaryň birek-birek bilen nähili ýakynlykda we näçe wagtlap durýandygyna gözegçilik eder.


13.08.2023 23:43
13031

Barmaga dakylýan kompýuter syçanjygy döredildi

Germaniýaly işläp düzüjiler kompýuter syçanjygy ýaly işleýän, ýöne eliň aýasy bilen göni galtaşyk zerurlygy bolmadyk barmaklara dakylýan «Clip Mouse» enjamyny tanyşdyrdylar. «Clip Mouse» süýem we orta barmaklara...

15.05.2023 12:32
7847

Germaniýada 3D printerde çap edilen maglumat merkezi peýda bolar

Germaniýanyň Geýdelberg şäherinde 3D görnüşinde çap edilen maglumatlary işlemek boýunça merkeziň gurluşygy başlandy. Desganyň operatory bolan Heidelberg iT Management kompaniýasy munuň Ýewropada iň uly 3D çap edilen...

05.04.2022 14:22
11458

Mýunhende depesi Gün panelli awtobuslar synagdan geçirilýär

Sion günmobillerini işläp taýýarlaýjy we olaryň geljekki öndürijisi, Sono Motors ýaş nemes kompaniýasy Mýunhe niň şäher ulag guramasy bilen bilelikde şäheriň tejribe geçirilýän ugurlaryna depesi Gün panelli ýolagçy...

15.05.2024 07:07
2128

OpenAI ses, tekst we görüş bilen işläp bilýän GPT-4o hödürledi

OpenAI kompaniýasy GPT-4o generatiw emeli intellektli dil modeliniň täze wersiýasyny hödürledi. Modeliň täze we has ösen görnüşi söz tekst we wideo bilen işlemäge ukyplydyr. Muny onuň adyndaky "o", ýagny "omni"...