“Opel” Germaniýadaky esasy awtoulag sergisine gatnaşyp bilmez

  • 17.06.2021 22:22
  • 16k+

"Opel" ozal Frankfurtda geçirilen we häzirki wagtda Mýunhende geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara awtoulag sergisine (IAA) gatnaşmaz. Bu barada "Opele" eýeçilik edýän täze “Stellantis” kompaniýasynyň wekiline salgylanyp, “Automotive News Europe” habar berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda açyljak sergä "Stellantis" birleşiginiň “Peugeot”, “Citroen”, “Fiat”, “Alfa Romeo” we “Jeep” ýaly beýleki awtoulag markalary hem gatnaşmaz. Pul tygşytlamak maksady bilen, konsern täze önümlerini görkezmek üçin öz çärelerini guramagy maksat edinýär. Mysal üçin, Mýunhendäki awtoulag sergisinden bir aý soň "Opel" özüniň iň möhüm täzeliklerinden biri bolan täze nesil "Astrany" tanyşdyrar.
"Stellantisiň" Mýunhende awtoulag sergisine gatnaşmakdan ýüz öwürendigine garamazdan, “Volkswagen”, “Ford”, “Dacia”, “Renault”, “Audi”, “Porsche”, “Mersedes-Benz” we “BMW” ýaly kompaniýalar öz awtoulaglaryny çärä getirerler. Mundan başga-da, awtoulag sergisine motosikl öndürijileri we komponentleri üpjün edijiler bolan Hytaýyň “WEY” we “Nio” markalary gatnaşarlar. “Toyota”, “Kia” we “Jaguar Land Rover”-iň bu çärä gelmejekdigi bolsa öňden bäri aýdylyp gelinýär.
1951-nji ýyldan bäri geçirilýän Frankfurt awtoulag sergisiniň ýapyljakdygy 2020-nji ýylyň başynda mälim boldy. Bu karar Germaniýanyň awtoulag senagaty assosiasiýasynyň (VDA) çäreleri mundan beýläk Mýunhende geçirmeli diýen netijä gelnen ýygnagyndan soň kabul edildi. Mundan başga-da, awtoulag sergisini geçirmäge dalaşgärleriň arasynda Gamburg we Berlin hem hasaba alyndy.


10.05.2026 21:39
3.7k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

27.04.2026 11:35
2k+

Volkswagen ID. Unyx: nemes tehnologiýasy we hytaý dizaýny

Volkswagen kompaniýasy Hytaýyň Xpeng kompaniýasy bilen tehniki hyzmatdaşlykda döredilen ilkinji seriýaly ulagy — D. Unyx krossowerini satuwa çykardy. Hytaýly müşderileriň islegi esasynda dizaýnlaşdyrylan bu......

20.01.2026 13:20
10k+

Germaniýada benzinde işleýän Toyota we Lexus-larda hereketlendirijini uzakdan otlamak funksiýasy ýatyryldy

Germaniýada Toyota we Lexus markalarynyň mobil goşundylarynda hereketlendirijini uzak aralykdan otlamak funksiýasy öçürildi. Bu çäklendirme diňe benzin bilen işleýän awtoulaglara degişli bolup, Bild neşiriniň habaryna görä, üýtgeşme müňlerçe ulag eýesine täsir etdi...

18.12.2025 12:17
5.3k+

Volkswagen kompaniýasy 88 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Germaniýadaky zawodyny ýapar

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijisi bolan Volkswagen kompaniýasy Drezdendäki zawodynda önümçiligi togtatmagy meýilleşdirýär diýip, "Financial Times" gazeti habar berýär. Bu kompaniýanyň 88 ýyllyk taryhynda Germaniýanyň çäginde önümçiligiň ilkinji gezek togtadylmagy bolar...