Büzmeýinde energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi gurulýar

  • 16.06.2021 14:52
  • 9.2k+

Aşgabadyň Büzmeýin etrabynyň çäginde energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Energetika ministri Ç.Purçekow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde desganyň baş meýilnamasy, toplumda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary, merkeziň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, umumy eýeleýän meýdany 29 müň inedördül metrden gowrak bolan bu merkeziň ulanyşa girizilmegi bilen täze iş orunlary dörär.

Şeýle hem ministr Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürilmeginde energetika ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu pudakda alnyp barylýan işleriň, ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetlidigine ünsi çekdi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

04.06.2026 16:07
3.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

01.06.2026 07:34
8.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......