Olimpiýa çempiony Powetkin karýerasyny tamamlady

  • 15.06.2021 21:55
  • 12k+

Meşhur rus boksçusy Aleksandr Powetkin özüniň sport karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Powetkin Bütindünýä boks geňeşiniň öňki wagtlaýyn çempiony we agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň öňki çempiony bolup durýar.
Şu ýylyň mart aýynda 41 ýaşly Powetkin iňlis Dillian Waýtdan tehniki nokaut bilen ýeňildi we WBC-niň wagtlaýyn çempionynyň guşagyny ýitirdi. Şondan soň Powetkine wekilçilik edýän promouter kompaniýasy ony sport karýerasyny tamamlamaga yrjakdyklaryny aýdypdy.

"Ýaş gidip barýar, men karýeramy tamamlamagy makul bildim. Indi 20 ýaş ýok. Şeýle karara gelmek hemişe kyn" -diýip, Powetkin žurnalistlere aýtdy.

Sportçy professional ringde 36 ýeňiş gazandy we bary-ýogy üç gezek ýeňildi. Powetkin 2004-nji ýylda Olimpiýa çempiony boldy. Häzire çenli ol iki gezek Dünýä çempiony bilen ringe girdi, ýöne asgyn geldi. Ol 2013-nji ýylda ukrainaly boksçy Wladimir Kliçkodan, 2018-nji ýylda bolsa britaniýaly Entoni Joşuadan ýeňildi.


08.05.2026 10:25
5k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.6k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....