«Forbes» boýunça dünýäniň iň baý adamy täzelendi

  • 15.06.2021 19:25
  • 15k+

“Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýene-de dünýäniň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Şeýlelikde ol "LVMH" moda öýüniň ýolbaşçysy Bernar Arnonyň ýerine birinjilige geçdi. Bu barada Forbes habar berdi.

Milliarder Jeff Bezos "Amazon"-yň paýnamalarynyň 2%-den gowrak ösmegi netijesinde iň baý adamlaryň sanawynda ilkinji ornuna gaýdyp gelmegi başardy. Bezosyň hususy baýlygy 3,5 milliard dollar artdy.
Şol bir wagtyň özünde Bernar Arnonyň "LVMH" kompaniýasynyň paýnamalary birneme arzanlady, ýagny 1% aşaklady. Netijede, onuň baýlygy 1,4 milliard dollar azaldy.
Bezosyň 11-nji iýunda gazanan baýlygy 193,5 milliard dollara, reýtingde ikinji orundaky Arnonyň baýlygy bolsa 192,9 milliard dollara barabar boldy. Reýtingde ilkinji üçlügi 152,7 milliard dollar bilen “Tesla”-nyň hem-de “SpaceX”-iň esaslandyryjysy, amerikaly telekeçi Ilon Mask jemleýär.
Bezosyň girdejisiniň köpüsi ozal ýolbaşçylyk eden "Amazon" kompaniýasyndaky paýnamalaryndan gelýär. Belläp geçsek, Bezos “Amazon”-yň, takmynan, 10%-ine eýeçilik edýär. Şeýle hem, onuň eýeçiliginde “Blue Origin” aerokosmiki guramasynyň gozgalmaýan emlägi we aktiwleri bar.


12.06.2026 13:09
9.2k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.8k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....