G7 liderleri ekologiýa, pandemiýa, “Ýüpek ýoluna” alternatiwa meseleleri boýunça maslahatlaşdylar

  • 15.06.2021 19:19
  • 5.5k+

Forumyň ikinji iş gününde “Uly ýediligiň” ýurtlarynyň liderleri ekologiýa, pandemiýa we “Ýüpek ýoluna” alternatiwa meseleleri boýunça maslahatlaşdylar diýip, euronews.com habar berýär.

Syýasatçylar geljekdäki pandemiýalaryň öňüni almaga mümkinçilik berjek çäreler baradaky “taryhy” diýlip atlandyrylan jarnama gol çekdiler. Täze ýokanç ýüze çykan ýagdaýynda dünýä 100 günüň dowamynda oňa garşy göreşmäge taýýar bolmaly diýlip çaklanylýar.
“Ýediligiň” liderleri ösüp barýan ýurtlar üçin Hytaýyň “Täze ýüpek ýoly” taslamasyna gönüden-göni alternatiwa hökmünde garalýan täze global infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek barada ylalaşdylar. Hytaýyň özi dünýäniň iň uly we iň abraýly ykdysadyýetleriniň biri bolsa-da, “ýediligiň” düzümine girmeýär.
Klimat meseleleri boýunça “ýediligiň” ýurtlarynyň ýolbaşçylary kömür energetikasyndan ýuwaş-ýuwaşdan, ýöne doly ýüz öwürmek meýilnamalary barada ylalaşdylar, şeýle-de elektrik we gibrid awtoulaglaryny giňden ornaşdyrmak maksatnamasyny yglan etdiler.


22.05.2026 15:38
2.6k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:19
1.8k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

20.05.2026 07:31
1.5k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

17.05.2026 15:44
9.2k+

Hytaý we ABŞ birnäçe harytlar boýunça özara gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşdylar

Hytaýyň Söwda ministrligi Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda harytlaryň belli bir görnüşleri boýunça özara söwda gümrük paçlaryny azaltmak barada ylalaşyk gazanylandygyny yglan etdi....