Adesanýa orta agramda UFC-niň çempiony titulyny üçünji gezek gorady

  • 14.06.2021 21:47
  • 9.6k+

Garyşyk stiliň (MMA) nigeriýaly söweşijisi Israel Adesanýa italiýaly Marwin Wettoriden üstün çykyp, orta agramda (83,9 kg çenli) Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) çempiony titulyny gorady. UFC 263 turniri Glendeýl şäherinde (Arizona ştaty, ABŞ) geçirildi. Bu barada TASS habar berýär.

Agşamyň esasy wakasy bolan söweş emin agzalarynyň biragyzdan ses bermegi netijesinde 31 ýaşly nigeriýaly söweşijiniň ýeňmegi bilen tamamlandy. 
Adesanýa 2019-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri eýeçilik edýän çempion guşagyny üçünji gezek gorady. Ol MMA-da 21 ýeňiş gazandy (15-si nokaut bilen) we bir gezek ýeňildi. 
Wettori 27 ýaşynda bolup, professional derejede bäşinji ýeňlişe sezewar boldy, onuň hasabynda 17 ýeňiş bar. Bir söweş hem deňme-deňlikde tamamlandy.


26.06.2026 23:43
9.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.2k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......