Türkmenistanda ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi

  • 12.06.2021 18:25
  • 11k+

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralýan ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlenildi.

Şu ýylda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iler tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar.
Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si — 32 talyp hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýurdumyzyň ylmyny giňden wagyz etmäge, häzirki zaman jemgyýetinde onuň ornuny artdyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....