2021-nji ýylyň ýaz pasly soňky sekiz ýylda Ýewropada iň sowuk ýaz boldy

2021-nji ýylyň ýaz pasly soňky sekiz ýylda Ýewropada iň sowuk ýaz boldy

2021-nji ýylyň ýaz pasly soňky sekiz ýylyň içinde Ýewropada iň sowuk ýaz boldy diýlip, Ýewropanyň hemra gözegçiligi maksatnamasy Copernicus-yň habarynda aýdylýar. Bu barada www.m24.ru habar berýär.

“Ýewropada ýaz paslynda ortaça temperatura 1991-2020-nji ýyllaryň degişli döwrüniň ortaça görkezijisinden Selsiý boýunça 0,45 gradus pes boldy, şeýlelik bilen, bu 2013-nji ýyldan bäri Ýewropada iň sowuk ýazdyr” – diýlip, habarda bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde maý aýynda dünýädäki ortaça temperaturanyň 1991-2020-nji ýyllaryň şol bir aýyndaky görkezijilerden Selsiý boýunça 0,26 gradus ýokary bolandygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, Ýewropada geçen maý aýynda howanyň temperaturasy 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça derejesinden 0,46 gradus pes boldy.
Hünärmenleriň maglumatlary boýunça, ortaça görkezijilerden pes bolan maý temperaturasy ABŞ-nyň günorta we merkezi böleklerinde, Kanadanyň demirgazygyndaky käbir sebitlerde, Afrikanyň günorta we merkezi böleklerinde, Hindistanda, şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň gündogarynda we Antarktidanyň gündogar böleginde hem hasaba alyndy.