В Панаме создали гигантский морской заповедник

  • 12.06.2021 15:49
  • 3k+

Panamanyň Hökümeti öz deňiz kenarlaryny goramak boýunça  ägirt uly ädim ätdi. Biodürlülige örän baý we klimatyň üýtgemek howpy has ýiti täsir edýän Panamada Ýuwaş ummanynyň özüne degişli çägindäki 67 müň 742 inedördül kilometr meýdanda çäkli deňiz goraghanasyny döretdi. Munuň özi, takmynan, ýurduň gury ýerdäki meýdanyna barabardyr — diýip, azertag.az ýazýar.

Deňiz zapowednigi Kordilýera-de-Koýba diýip atlandyrylýan giň çäkde ýerleşýär. Ol balyk gorlaryna örän baý bolup, bu sebitde iýmit bolçulygyny tapýan deňiz jandarlarynyň iýmitlenmeginde hem wajyp orun tutýar. Şunluk bilen, Panama deňiz goralaryny saklamak we olary durnukly peýdalanmak boýunça 196 döwlet tarapyndan tassyklanan Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýada berkidilen maksatlara doly laýyk gelýän işi amal etdi.
Kolumbiýadaky goňşy zapowednikler bilen birlikde, goralýan çägiň meýdany 121 müň 341 inedördül kilometre deň bolup, ol Ýuwaş ummanynyň tropik bölegindäki çäkli deňiz goraghanalarynyň arasynda ululygy boýunça üçünji orunda durýar.
Täze zapowednigi goramak hem gaýragoýulmasyz meseleleriň biri, çünki Smitson tropik barlaglar institutynyň maglumatlaryna görä, diňe 2019-njy ýylda gämileriň 4 müň 899-sy ummanara geçelgäni kesip geçdiler. Olaryň arasynda nebit tankerleri we balyk tutmak boýunça halkara gämiler hem bar. Zapowednigi döretmek bilen maksat bu sebitde aw edilmeginiň möçberini azaldyp, balyklara kenara has golaý ýerlere gelmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr. Ekologlaryň pikiriçe, şeýle edilende, deňziň resurslary täzeden dikeldiler. Sebäbi weýrançylykly ýagdaýda balyk tutmagyň möçberi azalar we ol ýerli ykdysadyýet üçin bähbitli bolar.
Bu çäkleriň goralmagy deňiz resurslarynyň hasabyna ýaşaýan ilatyň geljegi üçin maýa goýumydyr.


07.06.2026 10:07
3.6k+

Для натуралистов в Туркменистане организовали двухдневную экологическую акцию

В Туркменистане по случаю Всемирного дня охраны окружающей среды провели двухдневную экологическую акцию «Сотрудничество во имя зелёного будущего». Ее организаторами выступают секретариат Национальной комиссии......

06.06.2026 20:16
3.1k+

Вопросы климата и устойчивого развития обсудили на международном форуме в Ашхабаде

В Ашхабаде состоялась Международная научно-практическая конференция «Экологическое благополучие и международное сотрудничество в году «Независимый нейтральный Туркменистан – родина целеустремлённых крылатых......

21.05.2026 22:52
8.4k+

В Узбекистане запустили приложение с денежными поощрениями за ходьбу

В Узбекистане начала работу цифровая платформа «Эко-активный гражданин», которая предусматривает денежные поощрения для жителей за ежедневную ходьбу....

20.05.2026 12:56
2.7k+

Узбекистан предложил объявить 2027 год «Годом охраны экологии» в тюркском мире

Президент Узбекистана Шавкат Мирзиёев предложил объявить 2027 год «Годом охраны экологии» в тюркском мире. Инициатива была озвучена на неформальном саммите стран — членов Организации тюркских государств в......