Bitkoin taryhda ilkinji gezek kanuny töleg serişdesi hökmünde tassyklanar

Bitkoin taryhda ilkinji gezek kanuny töleg serişdesi hökmünde tassyklanar

Salwador Respublikasynyň prezidenti Naýyb Bukele bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde tassyklamak isleýändigini mälim etdi. Bu barada msn.com habar berdi.

Eger-de bu niýet amala aşsa, Salwador Respublikasy bitkoiniň kanuny taýdan töleg serişdesi hökmünde hereket edýän ilkinji ýurdy diýen ady alar. Bukele niýetiniň çynlakaýdygyny tassyklap, degişli kanunyň taslamasynyň indiki hepde Kongresde hödürlenjekdigini habar berdi. Salwadoryň prezidentiniň pikiriçe, bu başlangyç gysga wagtda ýurtda täze iş ýerleriniň döremegine getirer. Bulardan başga-da, bitkoiniň kanunylaşdyrylmagy ýurduň ýaşaýjylarynyň ençemesiniň maliýe taýdan gurplanmagyna ýardam eder.
Ýatlap geçsek, ýakynda "Tesla" kompaniýasy öz elektrikli awtoulaglaryny bitkoine satmakdan ýüz öwrüpdi. Amerikaly awtoulag öndürijisi muny daşky gurşaw baradaky alada hökmünde düşündirip, kripto puly öndürmek üçin köp mukdarda minerallaryň sarp edilýändigini aýdypdy.