Ýaponiýa şu tomus sanjym pasportlaryny berip başlar

Ýaponiýa şu tomus sanjym pasportlaryny berip başlar

Ýaponiýanyň häkimiýetleri şu tomus koronawirusa garşy sanjym pasportlaryny berip başlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, Trend belleýär.

Birinji tapgyrda şeýle pasportlaryň, köplenç, daşary ýurtlara syýahat edýän raýatlara beriljekdigi bellenilýär. Neşiriň maglumatlary boýunça, häzirki wagtda ýokary wezipeli ýapon çinownikleri beýleki ýurtlara gezelençlerinde degişli şahadatnamalary ulanýarlar, sebäbi ABŞ we beýleki Ýewropa ýurtlary geçirilen sanjym barada maglumat soraýarlar.
Ýaponiýada sanjym pasporty ulgamyny işläp taýýarlamak bilen ýurduň ministrler kabinetiniň baş sekretary Kasunobu Kato tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ýörite hünärmenler topary meşgullanýar. Ýylyň ahyryna çenli ykjam gurluşlar üçin programma hökmünde işleýän sanly sanjym pasporty ulgamynyň işlenip düzülmegine garaşylýar.
Ýaponiýada sanjymlar fewral aýynyň ortalarynda başlady. Häzirki wagta çenli 4,8 mln lukmançylyk işgäriniň 2,9 milliony immunizasiýa işini tamamlady. 12-nji aprelde ýurduň 65 ýaşdan uly bolan 36 mln ýaşaýjysyna sanjym etmek işi başlandy.